Türkmenistan — Russiýa: däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

20 Fewral 2023
507

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hem-de köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýär. Muny 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etmegi, duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy nobatdaky gezek tassyklaýar.

Duşuşyklaryň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda ozal gazanylan we dürli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli ösdürilýän türkmen-rus syýasy dialogynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirip, many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.

"Nesil".
Beýleki habarlar