Dostlukly gatnaşyklar rowaçlanýar

20 Fewral 2023
387

Dünýä döwletleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň duşuşygy boldy.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan garşylanan belent mertebeli myhman özüniň mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we her gezek Türkmenistana gelende, özüni ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýtdy. Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-12-nji fewralynda BAE amala aşyran resmi saparlarynyň iki döwletiň däp bolan dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berendigini belledi.

«Adalat».
Beýleki habarlar