Täze hyzmatdaşlyklara badalga

16 Fewral 2023
605

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, sergi dostlukly halklaryň arasynda uzak ýyllar bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagyna uly mümkinçilik döreder.

Sergide goňşy ýurduň iri kompaniýalarynyň hem-de firmalarynyň öndürýän dürli görnüşli önümleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ulag-kommunikasiýa, gurluşyk, nebit-himiýa, oba hojalyk, ylym-tehnika babatda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän diwarlyklar, «Razavi Hospital» lukmançylyk kompaniýasynyň we «Goldaneh Sahra», «Kianshargh» kompaniýalarynyň sergi bölümleri bu ýere gelýän myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döredýär. «Iran Khodro», «Tavan Energy Resources Development», «Adrian Shimi Arvand Co.», «Aria Baron», «Arman Sazeh Alamot», «Azar Rokesh» kompaniýalary bilen birlikde, «Firoozeh Tile Co.», «Mazeroon foam knowledge-based Ghaem Co.», «Palmiran Co.» kompaniýalarynyň öz önümlerini ýurdumyzda ilkinji gezek sergileýändigini aýratyn bellemelidiris.

«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar