Ýürekdeş halklaryň hyzmatdaşlygy

15 Fewral 2023
451

Mälim bolşy ýaly, 12 — 14-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri boldy. Onuň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti Medeniýet günleriniň özboluşly başlangyjyna öwrülip, ýürekdeş halklary has-da ýakynlaşdyrdy. Düýn bolsa goňşy döwletiň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň bu sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda guralýan bu giň möçberli çäräniň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar» diýen sözleri dostlukly halkyň möhüm çärelerini uly ruhubelentlige besledi.

Türkmenistanyň hem-de Eýranyň medeniýet we sungat işgärlerini, döredijilik toparlaryny, suratkeşlerini, halk senetçiliginiň hem-de sportuň gadymy milli görnüşleriniň ussatlaryny bir döwrä jemlän bu özboluşly medeni baýram dostlukly ýurtlaryň täze taryhyny baýlaşdyrdy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda özara medeni diplomatiýa ýola goýlup, ylmy maslahatlar, sungat ussatlarynyň döredijilik saparlary, sergiler, kino, Medeniýet günleri hem-de bilelikdäki beýleki çäreler guralýar. Bu çäreler parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly mizemez gymmatlyklary alamatlandyryp, umumydünýä siwilizasiýasyna ägirt uly goşant goşan iki dostlukly halkyň taryhy-medeni, ruhy däpleriniň umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar