«Eýrandan dogaýy salam getirdik»

13 Fewral 2023
393

Ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dowam edýär. Hepdäniň ýekşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde açylyş dabarasy bolan Medeniýet günleri iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçiriljekdigi hakyndaky hoş habary eşiden günümizden başlap, biz muňa uly höwes bilen taýýarlyk görüp başladyk. Bu dostlukly halkyň medeniýetine degişli maglumatlary toplamak, gazetimizde çap etmek işlerine girişdik. Şonda goňşy halkyň hem edil türkmen halkynyňky ýaly, taryhy köküni gadymyýetden alyp gaýdan baý medeniýetiniň bardygyna göz ýetirdik.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar