Kola bankasyna meňzeş täze smartfon öndürildi

12 Fewral 2023
434

«Realme» hem-de «Coca-Cola» kompaniýalary bilelikde täze smartfon döretdiler. Kola bankasyny ýadyňa salýan täze önüme «Realme X Coca-Cola» at berdiler.

Smartfonyň arka tarapyna «Coca-Cola» logotipli gyzyl plastik panel berkidilipdir. Bu aýratynlyklara gadjetiň oboý suratlarynda hem-de ses ulgamynda-da üns berlipdir. Has dogrusy, smartfony zarýada goýan halatyňda onuň ýüzünde köpürjikler peýda bolýar. Surata alanyňda bolsa, kola bankasyny açanyňdaky ýaly ses hem-de gazly suwuň pyşşyldysy eşidilýär.

Kadyr BATYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar