Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

12 Fewral 2023
354

2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadyna baryp, bu ýerde gümrük işiniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin döredilen döwrebap şertler, gümrük amallaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, halkara ýük daşamalarynda TIR kitapçalarynyň resmileşdirilişi, üstaşyr ýükler barada deslapky maglumatyň ulanylyşy we «ýaşyl geçelgeleriň» işi bilen ýakyndan tanyş boldular.

Wekiliýetiň agzalary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň arasynda bolan söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr we ikitaraplaýyn halkara awtoulagly ýük daşamalarynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek, halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan TIR kitapçasyny sanlaşdyrmak we ýükler barada deslapky maglumatyň berilmegi boýunça döredilen ýeňillikler dogrusynda pikir alyşdylar. Şeýle hem, sanly ulgama geçmek bilen bagly döredilen ýeňilliklerden peýdalanmagynyň oňyn netijeleri barada maglumatlary Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistana gelýän sürüjileriň dykgatyna ýetirmek hakynda netijä geldiler.

Çeşme: customs.gov.tm
Beýleki habarlar