Tender

12 Fewral 2023
412

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy TDHÇMB-niň işini sanlylaşdyrmak üçin gerekli bolan çözgütleriň işlenip düzülmegi we ornaşdyrylmagy üçin açyk tender geçirýär. Ýurtda öň kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, biržanyň sanlylaşdyrylmagy geleşikleriň amala aşyrylmagynyň tizleşdirilmegine, eksport baradaky şertnamalaryň sanynyň artmagyna we bäsleşige ukyply türkmen önümleriniň daşary ýurda iberilmeginiň artdyrylmagy üçin gerekli şertleriň döredilmegine ýardam etmelidir.

Tendere gatnaşmak üçin 10-njy fewraldan başlap, kompaniýalar şu salga ýazmaça ýüz tutmalaryny tabşyrmalydyrlar: 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, jaý 52,
TDHÇMB. Teklipler 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Beýleki habarlar