Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda taryhy, medeniýeti babatda köp umumylyklara eýe bolan arap ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri hem Birleşen Arap Emirlikleridir.
Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar döwletleri, şol sanda BAE ýaly arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda BAE bilen dostluk gatnaşyklar has-da berkeýär. Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmegine ýokary derejede yzygiderli geçirilýän, ynama esaslanan syýasy gepleşikler ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine ýokary döwlet wezipesinde amala aşyran ilkinji resmi sapary gatnaşyklarymyzyň taryhynyň altyn sahypalarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň şol resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasyna we beýleki möhüm resminamalaryň 12-sine gol çekilendigini, şol resminamalaryň biriniň hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamadygyny buýsanç bilen bellemek gerek.