Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti bilen duşuşdy

11 Fewral 2023
730

Ozaldan habar berlişi ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär. Şu gün Milli Liderimiz BAE-niň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al-Nahaýýan bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi. Gepleşiklerde iki döwletiň ozaldan gelýän ylalaşyklarynyň netijesinde alnyp barylýan işler şeýle-de geljekki bilelikde durmuşa geçiriljek maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz: «Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr. Häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir» diýip belledi. BAE-niň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki resmi saparynyň uly ähmiýetini bellemek bilen, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň elmydama netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýtdy.

Birleşen Arap Emirlikleri, Abu-Dabi şäheri.
Beýleki habarlar