Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy

11 Fewral 2023
528

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Dünýäde parahatçylygyň esasynda ýurdumyz dürli ugurlarda işjeň gatnaşyklary saklamak bilen, umumadamzadyň durnukly ösüşini gazanmak babatda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş edýär. Arkadagly Serdarymyz Ýer ýüzünde ýaşaýan halklaryň abadançylygy, bagtyýarlygy ugrunda dünýä bileleşiginiň öňünde möhüm teklipleri öňe sürýär. Teklipler halklar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, taryhy ykrarnamalara eýe bolýar. Bu bolsa döwletimiziň at-abraýyny belende galdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dostluk gatnaşyklaryny barha berkitmek bilen, ösüşiň täze gözýetimlerini açar. Şol sanda iki ýurduň parlament gatnaşyklaryny has-da öňe ilerletmekde möhüm ädim bolar.

Birleşen Arap Emirlikleri, Abu-Dabi şäheri.
Beýleki habarlar