Türkmen hünärmenleri gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmegiň tejribesi bilen tanyş boldular

11 Fewral 2023
341

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» temasyndan okuwa gatnaşdylar. Çäre Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) fransuz klassifikasiýalaşdyryş jemgyýetiniň ýardam etmeginde Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirildi. 

Okuwa gatnaşyjylar deňiz ulagy babatyndaky Halkara deňiz guramasy tarapyndan kabul edilen birnäçe konwensiýalar bilen tanyş boldular.  Şeýle hem olar gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmek boýunça dürli çäreler we usullar, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, olaryň tejribede ulanylyş düzgünleri bilen tanyş boldular. 

Beýleki habarlar