Hoşniýetli gatnaşyklar

10 Fewral 2023
394

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr.

Şunuň ýaly asylly işiň iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna laýyk 30 ýylyň dolan gününe gabat gelmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe gutlag hatyny iberdiler.

«Watan».
Beýleki habarlar