Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden Russiýa çykmagy meýilleşdirýär

11 Fewral 2023
464

Golaýda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň Russiýa çykmaga mümkinçilik berjek günorta ulag geçelgesini döretmek meselesiniň üstünde işleýändigi barada habar berildi. Bu geçelge Gyrgyzystanyň günorta sebitlerinden Özbegistana, Türkmenistanyň üsti bilen Hazar deňzine we Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Astrahana çenli uzar.

Täze ugur ulag we logistika geçelgelerini birleşdirer we özara söwdanyň mukdaryny artdyrar. Taslamanyň üstünde ulag we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem ýük daşaýjylar işleýär diýip, gyrgyz elektron neşirlerinde habar berilýär.

Beýleki habarlar