Parlamentara gatnaşyklar ýurtlary ýakynlaşdyrýar

9 Fewral 2023
597

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen özara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu gün köpasyrlyk taryha, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklary ösüşiň täze tapgyryna — çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Şunda ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmagyň, halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmegiň ygtybarly gurallarynyň biri hökmünde parlamentara gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň 30-njy ýanwarynda RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen dürli derejede geçirilen gepleşikler hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmekde möhüm ädime öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda häzirki wagtda parlamentleriň döwlet durmuşynda eýeleýän ornunyň barha artýandygyny belledi. Şunda myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl Moskwa şäherine amala aşyran saparynyň kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyna täze itergi berendigini aýratyn nygtady.

Beýleki habarlar