Türkmenistan we Russiýa ulag geçelgeleriniň gurluşyklaryny utgaşdyrar

8 Fewral 2023
377

Russiýa Federasiýasy Kazan şäherinde geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi» halkara ykdysady forumynyň çäginde gündogar Aziýa ýurtlary bilen ulag we demir ýol gurluşyklarynyň taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça döwletara ylalaşyklara gol çekmegi meýilleşdirýär. 

«Biziň Gazagystan, Türkmenistan, Eýran we Hindistan ugurlaryna ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça wajyp wezipelerimiz bar. Hazar deňziniň gündogaryndaky ulag şahasy arkaly ýükleriň daşalyşyny artdyrmak, ulag we demir ýol taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça degişli döwletler bilen ylalaşyklara gol çekmegi göz öňünde tutýarys» diýip, Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin Kazanda geçiriljek halkara ykdysady forum boýunça guramaçylyk komitetiniň birinji mejlisinde mälim etdi.

Beýleki habarlar