Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda

8 Fewral 2023
522

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň tagallalary netijesinde iki goňşy we dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça depginli ösdürilýär. Häzirki döwürde iki ýurduň gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, özara hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar. Munuň şeýledigine Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna suwuklandyrylan gazyň iberilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy ikitaraplaýyn dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Özbegistana dost-doganlyk kömegini bermek maksadyna gönükdirilendir.

(TDH)
Beýleki habarlar