Dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlylyk

8 Fewral 2023
388

türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň daýanjydyr

Aýdylyşy ýaly, geografiýa — ykbal. Asyrlaryň dowamynda bir derýanyň suwuny içip, hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez nusgasyny döreden türkmen we özbek halklarynyň gatnaşyklary hakynda söhbet edilende, şu jümläniň many ýumagy öz-özünden çöşleniberse gerek, megerem. Elbetde, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda dosty saýlap bolýar, ýöne goňşyny welin, islege görä saýlap ýa çalşyp bolmaýar. Ol — tebigatyň, ykbalyň eçilen peşgeşi. Merkezi Aziýanyň ýüreginde, Amyderýanyň we Syrderýanyň aralygynda ýerleşen, gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň dynuwsyz kerwenlerini goýnundan geçiren Özbegistan bu gün biziň ýurdumyzyň diňe bir hoşniýetli goňşusy däl, eýsem, gadyrly garyndaşy, ýürekdeş dosty, ygtybarly hyzmatdaşydyr hem. Şu ýyl bolsa türkmen we özbek halklary häzirki zaman taryhyndaky möhüm senäni — diplomatik gatnaşyklara resmi taýdan badalga berilmeginiň şanly 30 ýyllygyny bilelikde dabaralandyrýarlar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar