TDHÇMB we «Astana» halkara maliýe merkezi hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

5 Fewral 2023
360

4-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekilleri «Astana» halkara maliýe merkeziniň (AIFC) wekiliýeti bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

AIFC Ýaşyl maliýe merkeziniň müdiri Aýdar Kazybaýew türkmen tarapyna guramanyň alyp barýan işleri barada habar berdi, şeýle hem, tejribe alyşmak we öndürijilikli gatnaşygy ýola goýmak üçin Gazagystana çagyrdy.

www.tmex.gov.tm
Beýleki habarlar