Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy gämisi Türkmenistana geldi

5 Fewral 2023
361

Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy gämisi «Zarifa Aliýewa» Türkmenistana geldi. Gämi Türkmenbaşy Halkara portuna bolan ilkinji ýüzüşinde 16 agyrulag we 20 sany ýük tirkegini getirdi. Bu ugur häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Geljekde gämi günde bir gezek gatnaw eder.

«2022-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan daşalýan üstaşyr ýükleriniň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki ýarym esse artdy» diýip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika we marketing bölüminiň başlygynyň orunbasary Ýunus Kakabaýew habar berdi.

www.br.com.tm
Beýleki habarlar