Media ulgamy: hukuk binýady kämilleşdirilýär

3 Fewral 2023
670

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýet we döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynyň ösdürilmegini hukuk taýdan goldamak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çygrynda hem kanunçylyk kämilleşdirilýär. Netijede, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Maglumatlary ýygnamagyň, taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibi bellenilýär. Maglumatlary taýýarlamagy, ýaýratmagy amala aşyrýan subýektleriň, şeýle hem olaryň işini düzgünleşdirýän edaralaryň we žurnalistleriň hukuklaryny, borçlaryny, jogapkärçiligini kesgitleýän, «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol XI bapdan ybarat bolup, 60 maddany öz içine alýar. Onuň 57 — 59-njy maddalarynda kesgitlenilişine laýyklykda, köpçülikleýin habar babatda halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda amala aşyrylýar. Redaksiýalar, žurnalistleriň professional birleşikleri, beýleki döwletleriň raýatlary we ýuridik şahslary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde halkara guramalary bilen ylalaşyklaryň esasynda köpçülikleýin habar babatda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşyp biler.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.
Beýleki habarlar