Hindistandan ugradylan ýük Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystana eltiler

3 Fewral 2023
356

Hindistanda öndürilen künjiniň uly möçberi konteýnerlerde Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýollary arkaly Gazagystanyň Almaty şäherine eltiler. Konteýner ýükleri Hindistanyň Mundra deňiz portundan Arap deňzi arkaly Eýranyň günortasyndaky Bender-Abbas deňiz portuna ugradyldy. Bu barada Gazagystanyň demir ýol edarasy habar berýär.

Künji ýükli konteýner ýük düzümi Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen, «Gazagystan demir ýollary» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan guralýar. Bu ugur boýunça konteýner ýükleriniň 20 günden gowrak wagtda barmaly ýerine eltilmegi maksat edinilýär.

Beýleki habarlar