Düşünişmegiň we ynanyşmagyň açary

2 Fewral 2023
442

Berkarar döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilikli hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Döwletimiziň abraý-mertebesi halkara jemgyýetçiliginde yzygiderli ýokarlanýar, ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarda öňe sürýän, ählumumy bähbitleri nazarlaýan başlangyçlaryna düşünilýär we olar giňden goldanylýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen tagallalarynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hökmünde öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze başlangyjy hem Ýer ýüzünde abadançylygyň we gülläp ösüşiň pugtalandyrylmagyna çagyryş bolmak bilen, dünýä bileleşiginde uly goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň goldanylmagy we «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.

Tawus BERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar