30-njy ýanwarda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar.