Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi

31 Ýanwar 2023
850

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentleriň döwlet durmuşynda eýeleýän ornunyň barha artýandygyny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmagyň, halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň şu gezekki sapary türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döreder. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň netijeli boljakdygyna we köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Beýleki habarlar