Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

31 Ýanwar 2023
383

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň hem-de häzirki duşuşygyň bu işlere oňyn itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Beýleki habarlar