Mekdep mugallymlaryna täze gollanmalar

31 Ýanwar 2023
634

Düýn BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mekdep mugallymlaryna niýetlenen täze usuly gollanmalary gowşurmak mynasybetli çäre geçirdi. Oňa Hökümetiň, bilim bölümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň wekilleriniň 70-den gowragy, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu gollanmalar başlangyç we orta bilim boýunça okadylýan tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa, ýaşaýyş-durmuş esaslary, zähmet ýaly dersleriň 5-sini goşmak arkaly howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesini öwretmegiň amaly esaslaryny ýeňilleşdirmäge niýetlenendir. Şunda olaryň öz ugry boýunça Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gollanmalardygyny aýratyn nygtamak gerek. Usuly gollanmalar halkara derejedäki iň gowy tejribeleri özünde jemlemek bilen, mekdep okuwçylarydyr ýetginjekleriň howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy betbagtçylyklaryň täsirini peseltmek babatda bilimdir başarnyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Milli bilim instituty tarapyndan ÝUNISEF bilen bilelikde taýýarlanan bu gollanmalar howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekde ýurduň Hökümetiniň tagallalaryny goldamak maksadyny öňde goýýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar