Türkmenistanyň Astrahanadaky logistika merkezini açmak üçin ýene bir möhüm ädim ädildi

2 Fewral 2023
411

Türkmen-rus işewür forumynyň netijesinde Astrahan sebitiniň portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ýeňilleşdirmek üçin birnäçe täsirli çäreler beýan edildi. Onuň çäklerinde Astrahan şäherinde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmek üçin hereketleriň meýilnamasy kabul edildi

Aşgabatdaky forumda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ we  «Ýörite ykdysady zolak» paýdarlar jemgyýeti (RF) maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ähtnama gol çekdiler.

Beýleki habarlar