Gadymy Hazar goňşy ýurtlary birleşdirýär

30 Ýanwar 2023
355

Balkan welaýaty ýurdumyzda tebigy baýlyklara — uglewodorod gorlaryna we mineral serişdelerine baý ülke hasaplanylýar. Welaýatyň paýyna düşýän tebigy baýlyklaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, goňşy ýurtlaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilmegi Arkadagly Serdarymyzyň sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine alyp barýan parasatly ykdysady syýasatynyň özeni bolup durýar. Bu bolsa, öz gezeginde, Hazaryň dünýädäki tutýan geosyýasy, ykdysady, hukuk binýadyny pugtalandyrmakda ähmiýetini açyp görkezýär.

Geçen ýylyň 14-nji dekabrynda Awazada geçirilen üç döwletiň — Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň duşuşygy uly waka boldy. Bu maslahat Hazarýaka döwletleriň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, Hazaryň dünýädäki tutýan geosyýasy ähmiýetini has hem pugtalandyrmakda wajyp ädim boldy. Esasan-da, Hazaryň tebigy mümkinçiliklerini ýerlikli ulanmak, ýagny halkymyzyň bähbidine gönükdirmek, şeýle-de goňşy döwletler bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekde düýbünden täze tapgyr bolup, geljekde bilelikdäki uly we möhüm taslamalara giň ýol açýar.

Gurbangözel SAPAROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar