Türkmenistan — Täjigistan: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

30 Ýanwar 2023
382

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostlukly gatnaşyklar has okgunly häsiýete eýe bolýar we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Muny 27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşligi aýdyňlygy bilen subut edýär.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan täjik kärdeşini hem-de onuň üsti bilen Täjigistanyň doganlyk halkyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, geçen döwürde biziň ýurtlarymyz netijeli hyzmatdaşlygyň uly we oňyn tejribesini topladylar. Taraplaryň hoşmeýilli syýasy erk-islegi hem-de olaryň gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge çalyşýandygy şol hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam etdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar