Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly

30 Ýanwar 2023
500

resmi taýdan badalga aldy

Ýer ýüzünde parahatçylykly ýaşaýşy binýat etmek ähli döwürlerde-de iň ilkinji zerurlyk saýylypdyr. Ýöne häzirki zaman dünýäsinde dowam edýän çökgünliklerdir adamzadyň şu gününe hem geljegine howp salýan müşgillikler parahatçylygyň gadyr-gymmatyny ozalkylardan has artdyrýar. Bu gün dünýä bileleşiginiň öňünde keserýän köp sanly derwaýys meseleler halkara hukugyň ýörelgeleriniň ileri tutulmagyny, özara ynamy pugtalandyrmagy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy durnukly ösüşiň çelgisine öwürmegi zerurlyk hökmünde öňe çykarýar. Şeýle çylşyrymly şertlerde parahatçylygyň kepilini dialogda — gepleşikler sungatynda görýän Bitarap Türkmenistan 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip atlandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň öňbaşçysy bolup çykyş etdi we onuň biragyzdan goldanylmagyny gazandy.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar