Muzeý gymmatlyklaryny dikeltmekde netijeli işler

30 Ýanwar 2023
516

Şu ýylyň 23 — 28-nji ýanwary aralygynda «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäginde yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan taslamany — Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular. Saparyň maksady Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmenleri bilen alnyp baryljak işler boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan, bu ugurda tejribe alyşmakdan hem-de talyplar üçin umumy sapaklary geçirmekden ybarat boldy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýulynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde 2021-nji ýyl üçin yglan edilen bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamak we dikeltmek boýunça hödürlän taslamasy ýeňiji hökmünde saýlanyldy. ABŞ-ly hünärmenleriň şol maksatnamanyň çäginde guralan ilkinji iş sapary bolsa Merwden tapylan, V asyra degişli bolan Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamak we dikeltmek üçin ony 3D görnüşde surata düşürmek hem-de beýleki enjamlar arkaly doly öwrenmek işlerine badalga berdi.

Oraznabat SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar