Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

28 Ýanwar 2023
1254

Aşgabat, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Beýleki habarlar