Halkara habarlar

28 Ýanwar 2023
462

Türkmenistanyň adam ölçeginde ileri tutýan ugurlary

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary boýunça ileri tutulýan ugurlar barada beýanat bilen çykyş etdi. Onda raýat jemgyýeti, demokratik institutlar, metbugat azatlygy, gender deňligi, adam söwdasyna garşy göreşmek, bilim almak hukugy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ÝHHG bilen adam ölçegleri babatda hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydygy bellenildi. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen dialogyň ösdürilmegini goldaýar we onuň Adam hukuklary boýunça komitetiniň işine işjeň gatnaşmak bilen, ÝHHG sebitinde adam hukuklarynyň goralmagyna uly ähmiýet berýär.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar