Giň mümkinçilikler, anyk teklipler

26 Ýanwar 2023
506

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Işewürler duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Türkmen tarapyndan birnäçe wise-premýerler, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary işewürlik maslahatyna gatnaşdylar. Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýakyn we uzak geljek üçin döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary anyklaşdyrylan işewürlik maslahatynyň umumy mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sebitleriň ösdürilmegine, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleriň, şol sanda bar bolan uglewodorod we mineral serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň hasabyna giňeldilmegine, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary hasaba almak bilen, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy nygtaldy.

Beýleki habarlar