Türkmen-rus hyzmatdaşlygy: döwrüň talaplary we giň mümkinçilikler

25 Ýanwar 2023
328

Islendik iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary derejede geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikleriň, gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde ösdürilýändigi hemmä mälim hakykat. Döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha berip, onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitleýärler. Bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny tapmak, ony iki halkyň milli bähbitleriniň hyzmatynda goýmagy başarmak bolsa, elbetde, ýurtlaryň arasynda hereket edýän hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň işiniň netijeliligine bagly. Hut ýokary derejede ylalaşylan çözgütler bilen olary iş ýüzünde amal etmegiň gurallarynyň sazlaşykly utgaşmagy hem döwletara gatnaşyklaryň geriminiň giňäp, barha öňe ilerlemeginiň pugta binýadyny goýýar. Muny biz 19-20-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň mysalynda-da anyk delillendirip bileris.

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi. Ikitaraplaýyn duşuşykda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak, bar bolan ägirt uly kuwwaty doly güýjünde işe girizmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekdiler. Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde bolsa ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň möhüm ugurlary anyklaşdyrylyp, olar ikitaraplaýyn resminamalarda berkidildi. Gazetimiziň şol günlerde çykan sanlarynda saparyň wakalarynyň giňişleýin beýan edilendigini göz öňünde tutup, biz onuň çäklerinde guralan işewürlik ugurly çäreler, has anygy, şolaryň netijeleri baradaky pikir-garaýyşlarymyzy okyjylar bilen paýlaşmagy maksat edindik...

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar