«Microsoft» kompaniýasy «OpenAI»-iň 49 göterimini satyn almak isleýär

16 Ýanwar 2023
404

«Microsoft» kompaniýasy «ChatGPT» söhbetdeşlik programmasynyň eýesi «OpenAl» kompaniýasyna ABŞ-nyň 10 milliard dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär.

«Reuters»-iň beýanatyna görä, taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylsa, «Microsoft» kompaniýasy başlangyç maýa goýumyny yzyna alýança, «OpenAl» kompaniýasynyň girdejisiniň 75 göterimini alar. Şondan soň bolsa «OpenAl»-iň 49 göterim ülşi «Microsoft» kompaniýasyna, ýene 49 göterim ülşi beýleki maýadarlara geçer. Netijede «OpenAl»-iň özüne kompaniýanyň 2 göterim ülşi galar.

Ogulsuraý Babaýewa,
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar