Türkmenistan — Italiýa: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

13 Ýanwar 2023
517

11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomatyň belleýşi ýaly, okgunly ösýän, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Italiýanyň daşary syýasat strategiýasyna hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda türkmen-italýan gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Muňa durnukly ösüşiň, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlardyr teklipleriň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

"Nesil".
Beýleki habarlar