«Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy ilerledilýär

13 Ýanwar 2023
475

Golaýda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçen ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde yglan edilip, guramanyň resmi dillerinde ýaýradyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen bu forumda beýan edilen başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolandygynyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň nobatdaky üstünligini alamatlandyrýan bu wakanyň halkara habarlar giňişliginde uly seslenme döretmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjynyň barha ilerledilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrardym» diýmek bilen, onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirlenmegi teklip edipdi. Bu başlangyç foruma gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyp, maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar