Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

28 Iýun 2022
522

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjanyň duşuşygy boldy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Beýleki habarlar