Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nyl­ma­gy

23 Iýun 2022
657

ýur­du­my­za bil­di­ri­len uly yna­myň ny­şa­ny­dyr

Go­laý­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­dan ýur­du­my­za hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy: Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nyl­dy. Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň bu tä­ze üs­tün­li­gi­ne biz, oza­ly bi­len, dün­ýä­niň geo­sy­ýa­sy gi­ňiş­li­gin­de «Türk­me­nis­tan» at­ly par­lak ýyl­dy­zyň has ýi­ti ýal­kym saç­ma­gy ug­run­da ir­gin­siz ta­gal­la eden mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­na, öňe sü­ren hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na çäk­siz hor­mat-sar­pa­nyň ny­şa­ny hök­mün­de buý­san­ma­ga hak­ly­dy­rys. Ga­ly­ber­se-de, mu­nuň özi ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da: «Türk­me­nis­tan hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, öza­ra hor­mat­la­ma­ga we deň­hu­kuk­ly­ly­ga, dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga esas­la­nan Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny do­wam eder» di­ýip, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da ozal­ky sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­la­ryn­da gal­ýan­dy­gy­ny tas­syk­lan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň saý­lap alan ug­ru­na bil­di­ri­len uly yna­myň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi bi­len gat­na­şyk­lar­da top­la­nan 30 ýyl­lyk tej­ri­bä, döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­re ser sa­lyp, ýur­du­my­zyň no­bat­da­ky ge­zek hem bu jo­gap­kär­li we­zi­pä­ni ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ni şüb­he­len­män aý­dyp bi­le­ris.

Aý­gül RA­HY­MO­WA.
«Türk­me­nis­tan».
Beýleki habarlar