Dostlukly gatnaşyklara täze badalga

21 Iýun 2022
557

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly, parahatçylyk söýüji hyzmatdaşlygyny barha berkidýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary Türkmenistanyň özara bähbide, deňhukuklylyga, parahatçylyga hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen birlikde, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berdi. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen geçiren ýokary derejedäki gepleşikleri hem subut etdi. Geçirilen duşuşyklarda tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy diňe bu iki ýurduň däl, eýsem, sebitiň we yklymyň ykdysady ýagdaýlaryna-da oňyn täsir eder.

Geçen döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklary özara hormat goýmak, düşünişmek, deňhukuklylyk hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürmek babatda möhüm işler alnyp baryldy. Taraplaryň hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagyň zerurdygy, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigi bilen baglanyşykly garaýyşlarynyň gabat gelmegi ýurdumyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň kämilliginden habar berýär.

Gözel ŞIHIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar