Serdar Berdimuhamedow bilen Ebrahim Raisiniň arasynda gepleşikler geçirildi

15 Iýun 2022
940

Şu gün Eýran Yslam Respublikasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

 Köşgüň ikiçäk duşuşyklar zalynda açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

«Türkmenistan»
Tähran ş.
Beýleki habarlar