Türkmenistanyň ýoly — dostlugyň ýoly

14 Iýun 2022
699

Ählumumy parahatçylygy hem howpsuzlygy üpjün etmäge önjeýli goşant goşmak, BMG-niň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, sebitde we dünýäde dostluk gatnaşyklaryny, ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek, ykdysady gatnaşyklary deňhukukly ýola goýmak, ynamdar we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlary artdyrmak, dawalary parahatçylykly, syýasy gepleşikler arkaly çözmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şonuň netijesinde häzirki döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin türkmen bazary özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda, has takygy, 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi sapary we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklardyr gol çekilen resminamalar hem onuň şeýledigini ýene bir ýola subut etdi.

Aprel aýynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl, bu iki dostlukly döwletleriň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda esas goýujy şertnamanyň gol çekilenine 20 ýyl doldy. Bu resminama hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny düşünişmek, özara bähbitlere hormat goýmak, deňhukuklylyk esasynda ösdürýän ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň tutuş toplumy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda rus tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlyk uly ösüş gazandy. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň, halkara jemgyýetçilikde uly goldawa eýe bolan başlangyçlarynyň we parahatçylyga daýanýan ýörelgeleriniň uly orna eýedigini aýratyn nygtamak zerur.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.
Beýleki habarlar