TÜRKMENISTAN – RUSSIÝA: TARYHY HYZMATŞDALYGYŇ GELJEGI

13 Iýun 2022
619

Ynsanperwerligi, dost-doganlygy, parahatçylygy baş şygar edinen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýä döwletleri bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklary barha giňeýär.

Türkmen we rus halklarynyň müňlerçe ýyllardan bäri dowam edip gelýän dostluk-doganlyk gatnaşyklary Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň tagallalary esasynda has okgunly häsiýete, täze öwüşgine eýe bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynyň täze sahypasyny açdy diýsek, has dogry bolardy. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy we ykdysady forumlar, pudaklaýyn sergiler, şeýle hem medeni çäreler, dürli derejelerdäki wekiliýetleriň alşylmagy muňa ýardam edýär. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan oblastynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk hem özüniň çägini giňeldýär.

Gülälek NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Beýleki habarlar