Hyzmatdaşlygyň täze nusgasy

2 Iýun 2022
949

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýakynda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bu forumyň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyza hem-de halkymyza hormatyň nyşany bolup, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni we ynsanperwer ulgamlarda ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ýola goýmaga Türkmenistanyň uly goşandyny, dünýäniň syýasy giňişliginde eýeleýän mynasyp ornuny görkezýär.

Türkmenistanyň ynsanperwer maksatlara ýugrulan daşary syýasat ugry, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işleri berk taryhy binýada, özara gatnaşyklaryň baý tejribesine, uly mümkinçiliklere esaslanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Parlamentleriň bu işe goşýan goşandy örän uludyr. Giň demokratik esasda saýlanan halk wekilleri adamlaryň, raýatlaryň umyt-arzuwlaryna, isleglerine we meýillerine hemmelerden oňat düşünýärler hem-de özleriniň gündelik işinde şundan ugur alýarlar. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, biziň ýurtlarymyzyň her biriniň gazanýan üstünliklerini öwrenmek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr. Parlament işi hemişe anyk maksatlara hem-de wezipelere — adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işlerine işjeň gatnaşmagyny höweslendirmek, möhüm çözgütleri kabul etmek maksatlaryna esaslanýan döredijilikli işdir. Içerki syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda, jemgyýet ylalaşygyny we sazlaşygyny, durmuş adalatlylygyny berkarar etmekde, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkitmekde parlamentleriň orny örän uludyr».

Ogultäç BALLYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar