Belent hormatyň nyşany

27 Maý 2022
815

Diýarymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň ýüreginde Watana söýgi joş urýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda merdana halkymyzyň el-ele berip, agzybirlikde, jebislikde garşylaýan her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Halkymyzda: «Türkmene baýram gelse, goşa-goşadan geler» diýen ajaýyp aýtgy bar. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň şanly 30 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Şol taryhy günlerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň degişli Permany esasynda Arkadagly Serdarymyz «Dostluk» ordeni bilen sylaglandy. Bu hoş habar merdana hem zähmetkeş halkymyzy diýseň guwandyrdy. Hormatly Prezidentimize berlen bu sylag däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryň mizemezligiň aýdyň beýanydyr.

Batyr ILAMANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar