Aşgabat dost-doganlygyň merkezi

24 Maý 2022
703

Halkymyzda «Myhman az otursa-da, köp synlar» diýen aýtgy bar. Owal-ahyrdan Watanymyza gadamy düşen islendik syýahatçynyň ýa-da jahankeşdäniň türkmen topragynda näçe günlük düşlese-de, halkymyzyň myhmansöýerlik däp-dessurlaryndan başlap, ençeme täsirlenmeler bilen ýakymly ýatlamalary alyp gidipdir. Ýatlamalar bolsa dillere düşüp, güneşli topragymyz baradaky täsin gürrüňler rowaýatlara öwrülip, ilden illere geçipdir, halklaryň arasynda ýaýrapdyr. Biz – türkmenler hakynda «Gündogarda şeýle bir halk bar, agzybirlik olaryň ýörelgesi, parahatçylyk göreldesi» diýen ýaly pikirler bolupdyr. Bu babatda gadymy taryhy çeşmeleriň islendigine salgylansak hem şunuň ýaly maglumatlara gabat gelmek bolýar.

Halkymyzyň şeýle yzy üzülmän gelýän asylly ýol-ýörelgelerine, edim-gylymyna bu günki gün hem bütin dünýä şaýat. Bu hakynda olar öz sözlerinde-de aýdýarlar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýardam bermeginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumyna gatnaşmaga gelen birnäçe myhmanlar bilen tanyşlyk açdyk, dostlaşdyk, gatnaşyklarymyzy saklamak üçin öz internet bukjalarymyzyň salgylaryny alyşdyk. Şeýlelikde, golaýda olar bilen internet arkaly habarlaşyp, ýurdumyz hakyndaky özlerinde galan täsirleri baradaky gürrüňlerini eşitdik. Biz hem şol süýji söhbetleri okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

Söhbetdeş bolan Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar