Abadan durmuşyň mizemez esaslary

21 Maý 2022
775

«Döwür», «zamana», «eýýam» diýen düşünjeler taryhyň menzillerinde bolup geçen wakalary, ýetilen sepgitleridir gazanylan üstünlikleri özünde jemlemek bilen, geljek nesillere döwlet gurmakda, dolandyrmakda, durmuş ýoluny, ösüş meýillerini saýlap almakda möhüm çelgi bolup hyzmat edýär. Türkmen topragyndaky taryhy hakyda bilen aýrylmaz bagly bolan döwletlilik ýörelgeleri döwürleriň synagyndan kemsiz geçip, bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň binýadynyň berkemegine goşant goşýar. Berkarar döwletimizde geçmişiň, şu günüň we röwşen geljegiň mizemez sazlaşygy üpjün edilip, halkyň Arkadagly zamanasynyň täze belentliklerine ýol açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň anyk mazmuny ýaşlar, täzeçil pikirler, döwrebap ösüşler, ýagty geljege gönükdirilen belent maksatlar bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýip belleýär. Häzirki zamanyň talaplary, özgertmeleri, öňe çykarýan wezipeleri, maksatlary ozalkylardan has tapawutlanýan-da bolsa, bir hakykat üýtgewsizligine galýar. Ol hem köp asyrlaryň dowamynda yzygiderli kämilleşdirilip gelnen milli ýörelgelerimizdir, ata-baba eýerilip gelnen kada-kanunlarymyzdyr, baý mirasymyzdyr. Hut şu gymmatlyklar döwlet syýasatynyň düýp binýadynda goýulýar.

Kasymguly BABAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar