Uly tejribä esaslanyp

20 Maý 2022
526

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlarda ýöriteleşen «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlygyň uly tejribesini kanagatlanma bilen belledi. Soňky ýyllarda Sankt-Peterburgyň köpugurly holdingi ýurdumyzda gurlan ýol-ulag düzüminiň iri desgalarynyň birnäçesiniň potratçysy boldy. Häzir «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary Aşgabadyň günorta böleginde sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrýar. Şoňa görä-de, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ony giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasy bilen şertlendirilendir. Şunda türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň ýurdumyzyň daşary ýurtly işewür toparlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi.

«Nesil».
Beýleki habarlar